Kamil Syýahat — bu diňe bir syýahatçylyk kompaniýasy däl.
Bu Watanymyzyň gözelligini dünýä tanatmak isleýän syýahatçylygy söýýän hünärmenleriň toparydyr.
Biz syýahatçylara Türkmenistanyň ähli künjeklerine — gadymy Merv we Nusaý şäherlerinden başlap, ajaýyp Garagum çöllerine, owadan Köpetdag daglaryna çenli syýahatlary hödürleýäris.
Her bir gezelenjimiz aýratynlykda taýýarlakly bolup, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, taryhy we medeniýeti bilen baýlaşdyrylandyr.
Biziň toparymyz tejribeli gollanmalardan, sürüjilerden we hyzmatdaş myhmanhanalardan ybarat. Maksadymyz — myhmanlarymyzyň rahatlygyny, howpsuzlygyny we ýatdan çykmajak täsirlerini üpjün etmekdir.
Biziň islegimiz, her bir myhman ýurdumyzdan diňeje bir suratly däl-de, kalbynyň bir böleginde Türkmenistanyň ruhuny alyp gitmegidir.
Biziň maksadymyz — syýaharçylary ýurdumyzyň baý taryhy we häzirki ösüşi bilen tanyşdyrmak, syýahatyň üsti bilen ylham bermekdir.S
Kamil Syýahat — Türkmenistanyň ýüregine barýan ýoluňyzdaky ygtybarly ýoldaşyňyz!
Türkmenistan – Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurt bolup, günbatar tarapynda Hazar deňzi, gündogar tarapynda Amyderýa derýasy bilen ýuwulýar; demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, günortada Owganystan we Eýran bilen serhetleşýär. Ýurduň köp bölegini tükeniksiz Garagum çöli tutýar. Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Nusaý, Merw we Köneürgenç ýaly gadymy şäherleriň ÝUNESKO-nyň Bütindunýä sanawyna giren zolaklary ýerleşýär. Aşgabat Türkmenistanyň paýtagty, ak mermerli şäherleriň sany boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna giren şäher. Türkmenistan özünde Derweze gaz krateri we Ýaňňygala kanýonlary ýaly üýtgeşik özboluşly tebigy gözellikleri, gadymy taryhy ýadygärlikleri, tükeniksiz çöllerdir daglery serhetinde jemleýär. 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy uly dabara bilen belleniler. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyny» ykrar etdi.Türkmen Halkynyň çuňňur Hormatlanýan Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk statusy BMG tarapyndan ikinji gezek 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, üçünji gezek bolsa, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda tassyklanyldy.
Biziň bilen syýahat etmek isleýärsiňizmi?
Biz bütin dünýäde ýatdan çykmajak syýahatlary hödürleýäris.